10
07
Türk güýçleri tarapyndan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden tä rus ilçisiniň Ankarada öldürilmegine çenli geçen aralykda türk-rus gatnaşyklary galmagally ýyly başdan geçirdi.
Interaktiw grafigi görmek üçin syçanjygy tegelek şekilleriň üstüne getiriň.
03
11
09
04
12
08
05
2016
02
06
Meniň bilen bol
23-nji sentýabr, 2015-nji ýyl
Rus prezidenti Wladimir Putin bilen türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Moskwada, Russiýadaky iň uly metjidiň açylyş dabarasynda biri-biriniň gapdalynda durdular. Putin yslam liderlerine ýüzlenip, olary global ekstremizme garşy bilelikde göreş alyp barmaga çagyrypdy. Şol wagt Erdogan we Putin ikitaraplaýyn duşuşyk geçirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary halkyň öňünde öwüp çykyş edipdiler.
▼
Jedelleşme
30-njy sentýabr, 2015-nji ýyl
Siriýadaky raýatlyk urşunyň dördünji ýylynda Russiýa, “Yslam Döwleti” (YD) ekstremist toparynyň harby bazalaryna garşy howa zarbalaryna başlady. Aktiwistleriň aýtmagyna görä, howa zarbalary amala aşyrylan ýerleriň hiç birisi hem YD-niň kontrollygynda däl. Günbatar mediasy howa zarbalarynda Russiýa tarapyndan goldanylýan prezident Başar al-Assada garşy göreş alyp barýan gozgalaňçy toparlaryň kontrollygyndaky territoriýalaryň nyşana alynýandygyny habar beripdi. ABŞ we Türkiýe Assada garşy göreşýän gozgalaňçylary goldaýan mahaly, Russiýanyň howa zarbalary krzisi has-da çylşyrymlaşdyrýar. ABŞ we Russiýa “Yslam döwleti” toparyna garşy howa zarbalaryny amala aşyranda ikisem şol bit howa giňişliginden peýdalanýar.
▲
Dessine gelen jaň
4-nji noýabr, 2015-nji ýyl
Putin Erdogany 1-nji noýabrdaky parlament saýlawlarynda “Adalat we Galkynyş Partiýasynyň” ýeňşini gutlap jaň etdi.
▼
Iş zamany
16-njy noýabr, 2015-nji ýyl
Putin we Erdogan Antalýa şäherinde, G20 sammitinde birnäçe aýlap dowam edýän söwda alyş-çalyşyklary hakynda gepleşik geçirdiler.
“Arkadan pyçaklanmak”
24-nji noýabr, 2015-nji ýyl
“F16” kysymly türk harby uçary, “Su-24” kysymly rus hüjümçi uçaryny Türkiýe-Siriýa serhediniň golaýynda urup düşürýär. Türkiýe uçaryň birnäçe gezek duýduryş berlendigine seretmezden türk howa giňişligine girendigini öňe sürse-de, Russiýa uçaryň Siriýa howa giňişliginden çykmandygyny aýtdy. Pilot we şturman uçardan özlerini zyňyp ýetişseler-de, ýerdäki siriýaly gozgalaňçylar tarapyndan öldürildi. Putin bu hadysadan soň: “bu günki ýitgimiz, terroristleriň ýarany tarapyndan arkadan pyçaklanmak ýaly boldy” diýdi. Erdogan wakanyň halkara angažman düzgünlerine laýyklykda edilendigini aýdyp, ötünç soramakdan ýüz öwürdi. Ilki başda käbirleriniň bu ýagdaýyň hakyky çaknyşyga öwrülip bilmeginden howatyrlanýan döwründe Putin, munuň “çynlakaý netijeler” döredip biljekdigini aýdyp, Türkiýä duýduryş beripdi.
Gazaply köçe
25-nji noýabr, 2015-nji ýyl
Moskwada rus protestçileri Türkiýäniň ilçihanasyna ýumurtgadyr, boýag we daş atdylar.
Rus turist guramalary Türkiýä bolan gatnawlaryny duruzdylar.
Yza ýol ýok
26-njy noýabr, 2015-nji ýyl
Türkiýe rus pilotyna birnäçe gezek duýduryş berýän ses ýazgysy ýaýratdy. Erdogan: “Eger şol ýagdaý ýene gaýtalansa, ýene öňküsi ýaly gaýtargy berler” diýip, puşman däldigini bildirdi.
Gaýtargy wagty
7-nji noýabr, 2015-nji ýyl
Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri dowam edýän Russiýa we Türkiýe arasyndaky wizasyz režimi doňdurýandygyny habar berdi. Oňa jogap hökmünde Türkiýe öz raýatlaryndan Russiýa gitmekden gaça durmaklaryny sorady.
Ilkinji puşmanlyklar
8-nji noýabr, 2015-nji ýyl
Putin “milli howpsuzlygy” we rus raýatlarynyň “goragyny ” ýokarlandyrmaga niýetlenen kararda, Türkiýä garşy sanksiýalar girizmegi kabul etdi. Kararda käbir azyk önümlerine we harytlara gadaganlyk girizýändigi aýdylsa-da, anyk haýsy önümleriň göz öňünde tutulýandygy jikme-jik ýazylmandy. Rus uçarynyň düşürilmegi hakyndaky ilkinji gynanç bildirlende, Erdogan bolan waka üçin Türkiýäniň düýpli gynanç bildirýändigini nygtap, “biz munuň bolmazlygyny islärdik” diýip, munuň indi gaýtalanmajakdygyny tama edýändigini aýdypdy. Ýöne Erdogan hereketi goldap çykyş etdi we Putin hem resmi ýagdaýda ötünç soralmagyny aýdyp muňa aýak diräpdi.
▲
◀︎
▶︎
IŇ GOWY DUŞMAN-DOSTLAR
▼
Gadagançylyklar karara baglandy
1-nji dekabr, 2015-nji ýyl
Rus premýer-ministri Dmitriý Medwedew Türkiýeden gelýän ganatly guş önümlerine, miwelere we gök önümlere ambargo girizmek hakynda karara gol çekdi. Bu kararda rus turistleriň esasy gidimli ýeri bolan Türkiýä gidýän çarter uçuşlara hem-de mundan beýläk türk raýatlarynyň işe alynmagyna hem gadaganlyk girizildi.
Gara nebit
2-nji dekabr, 2015-nji ýyl
Russiýanyň Goranmak ministrligi Erdogany we onuň ogluny, Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” tarapyndan ogurlanandygy aýdylýan nebitiň gizlin söwdasyny edýändigini aýdyp, olary “jenaýatçylykly söwda” işine girişmekde aýyplady. Moskwadaky gepleşikde Russiýanyň goranmak ministri subutnama hökmünde tanker ýük ulaglarynyň sputnikden düşürilen suratlaryny görkezdi. Erdogan bulara “töhmet” diýip, gaýtargy berdi.
Türk akymy goýbolsun edildi
5-nji dekabr, 2015-nji ýyl
“Türk akymy” ady bilen Russiýadan Türkiýä tebigy gaz turbalaryny gurmak hakyndaky plany, Erdogan goýbolsun etdi. Mundan öňürti rus resmileri Moskwanyň gazgeçiriji turba hakyndaky gepleşikleri uçar hadysasy sebäpli togtadýandygyny habar beripdi.
Atom elektrik stansiýasy planlary togtadyldy
9-njy dekabr, 2015-nji ýyl
Russiýanyň 20 milliard dollarlyk Türkiýedäki atom elektrik stansiýasyny gurmagyny bes edýändigi habar berildi. Emma käbir habarlarda bolsa munuň beýle däldigi aýdyldy. Günortadaky “Akkuýu” zawody Türkiýäniň ilkinji atom elektrik stansiýasy bolar. Bu stansiýa Türkiýäniň import energiýa baglylygyny azaltmagyna garaşylýar.
Kürt wekilhanasy
10-njy fewral, 2016-njy ýyl
Ankaranyň terrorist hasaplaýan topary bolan Siriýadaky kürt separatistleriniň Moskwada diplomatik wekilhanasy açyldy.
Ýarag aýyplamalary
1-nji aprel, 2016-njy ýyl
Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Witaliý Çurkin Türkiýäni üç sany türk guramasy arkaly “Yslam döwleti” söweşijilerine ýarag we harby enjamlar bermekde aýyplady.
“Düýpli puşmanlyk”
27-nji iýun, 2016-njy ýyl
Erdoganyň Putine uçaryň düşürilmegi hakynda ötünç sorap, “çuňňur gynanç” bildirýändigi we uçaryň düşürilmeginiň bilkastlaýyn däldigi hakynda Kremliň websaýtynda habar peýda boldy. Türkiýe uçar pilotyny öldürmekde aýyplanýan, demirgazyk Siriýada söweşýän türk raýatynyň suda beriljekdigini hem bildiripdir. Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow: “Türkiýäniň döwlet baştutany öldürilen rus pilotlaryň maşgalasyna duýgudaşlyk we çuňňur gynanç bildirýär we ötünç soraýar” diýip žurnalistlere aýtdy.
Ysnyşdyran hüjüm
28-nji iýun giçlik, 2016-njy ýyl
Türkiýäniň Stambul şäherinde 3 sany hüjümçi Atatürk aeroportyna hüjüm etdiler we özlerini partlatdylar. Olar 45 adamy öldürip, başga-da 230 töweregini ýaraladylar. Ertesi gün Erdogan we Putin şol aýda ilkinji gezek telefon arkaly gepleşik geçirdiler. Putin hüjümdäki pidalara öz gynanjyny bildirdi we sanksiýalary ortadan aýyrmagy hem-de gatnaşyklary dikeltmegi söz berdi. Şeýle-de, iki lider ýakyn wagtda duşuşjakdyklaryny aýtdylar.
Sanksiýalaryň soňy
30-njy iýun, 2016-njy ýyl
Putin: “Bilşiňiz ýaly, düýn ýurduň prezidenti Erdogan bilen gepleşik geçirdik, hatda, Ankaranyň düşürlen rus harby uçary üçin hem ötünç sorapdygy bilinýär. Munuň garşylygynda hem biz ýakyn wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklary dikeltmek üçin herekete geçeris” diýip, gürrüň berdi. Gysga wagtyň içinde, Dmitriý Medwedew sanksiýalary aýyrmagy buýurdy.
Hökümet agdarylyşygy synanyşygy
15-nji iýul, 2016-njy ýyl
Türkiýede başa barmadyk hökümet agdarylyşygy boldy. Ankara bu synanşykdan dessine bir wagtlar Erdoganyň ýarany bolan, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany Fethullah Güleni günäkärleýär. Türkiýe ony terrorist topary dolandyrmakda aýyplaýar. Bu wakalar Ankara bilen Günbataryň gatnaşyklarynyň dartgynlaşmagyna sebäp bolýar. Günbatar ýurtlarynyň agdarylyşyk synanyşygyndan soňra Erdoganyň uzaga çeken basyşlaryndan ynjalyksyzlanmagy, gatnaşyklary has hem dartgynlaşdy.
Putin ýene ulgamda
17-nji iýul, 2016-njy ýyl
Putin Erdogan bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginde hökümet agdarylyşygy synanşygyndaky “Konstitusiýa gabat gelmeýän hereketleri we ýowuzlyklary” ýazgarýandygyny, heläk bolanlara gynanç bildirýändigini we ýüzbe-ýüz duşuşmak isleglerini täzeden dile getirdi.
Goldaw eli
26-njy iýul, 2016-njy ýyl
Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Mehmet Şimşek Moskwada rus kärdeşi Arkady Dworkowiç bilen duşuşygynda Kremle öz hoşallygyny bildirip, şeýle diýýär: “Siz demokratiýa kömek berdiňiz, siz hökümete ýardam berdiňiz”. “Reuters” agentliginiň habar bermegine görä, türk resmileri togtadylan “Türk akymy” we atom elektrik stansiýasy barada syýasy duşuşyklaryň dowam edýändigini aýdypdyr.
“Mähriban dost”
9-njy awgust, 2016-njy ýyl
Erdogan agdarylyşyk synanşygyndan soňra ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa amala aşyrýar. Ol Sankt-Peterburg şäherinde öňki duşmany Putin bilen duşuşýar. Erdogan Putine “mähriban dostum” diýip ýüzlenmek bilen, iki tarap hem gatnaşyklary ozalkylary ýaly dikeltmäge çagyryş edýärler.
Karlosa Koelho tarapyndan taýýarlandy. Tekst: Tomas Balmforz hem-de Katlin Mur
Çeşmeler: Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Aljazeera, Reuters, BBC, Moscow Times
Türk güýçleri tarapyndan rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden tä rus ilçisiniň Ankarada öldürilmegine çenli geçen aralykda türk-rus gatnaşyklary galmagally ýyly başdan geçirdi.
Karlosa Koelho tarapyndan taýýarlandy.
Tekst: Tomas Balmforz hem-de Katlin Mur
Çeşmeler: Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Aljazeera, Reuters, BBC, Moscow Times
▶︎
Gaz geçiriji ylalaşygy
10-njy oktýabr, 2016-njy ýyl
Geçen ýylyň dekabr aýynda ikitaraplaýyn dartgynlylyklar sebäpli togtadylan “Türk akymyna” täzeden seredilýär. Rus tebigy gazyny Ukrainadan däl-de, günorta ýoly bilen Ýewropa eltmek üçin Russiýa we Türkiýäniň arasynda gazgeçirijini gurmak hakynda şertnama gol çekildi.
◀︎
Ilçiniň öldürilmegi
19-njy dekabr, 2016-njy ýyl
Iş wagtynda bolmadyk türk polisiýa işgäri Russiýanyň Türkiýedäki ilçisini Ankaradaky sungat sergisinde atyp öldürýär. Putin bu hadysany “prowokasiýa” diýip atlandyryp, munuň rus-türk gatnaşyklaryna päsgel bermek niýeti bilen edilendigini aýtdy. Ertesi gün Russiýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy meýilnamadaky ýaly dowam etdi.
Goranmak taslamalary
14-nji oktýabr, 2016-njy ýyl
Moskwa Ankara “Howa goranyş sistemasyny” üpjün edip biljekdigini aýdýar. Bu gürrüňler Putin we Erdoganyň 10-njy oktýabrda Stambuldaky duşuşygyndan soň mälim edilýär.